Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanda «SPK Turkistan» senagat parky bilen tanyşdy

18:1022.04.2025
0
21327
Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanda «SPK Turkistan» senagat parky bilen tanyşdy
Surat: Akorda.kz

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti bilen bilelikde «SPK Turkistan» senagat parkyna baryp gördi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Bu parkda umumy bahasy 36,5 milliard tengä deň bolan 6 sany taslama durmuşa geçirilýär. Şol taslamalaryň çäginde ýagyş we damja usulyndaky suwaryş ulgamlarynyň, oba hojalygy traktorlarynyň, mekdep, medisina we ofis mebeliniň, aralyk gapylaryň we senagat sowadyjylarynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Parkyň geljekki ösüş tapgyrynda 70 gektar meýdanda 112 desganyň gurluşygy meýilleşdirilýär, şeýle hem 39,7 milliard tenge möçberinde 13 sany täze taslamany amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, diýlip, habarda bellenilýär.

Kasym-Žomart Tokaýew we Gurbanguly Berdimuhamedow kosmos senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ýeňil, azyk we himiýa senagaty boýunça iş alyp barýan gazagystanly önüm öndürijileriň sergisi bilen tanyşdylar. Ýokary derejeli myhmanlara awtoulaglar, oba hojalygy tehnikalary, öý enjamlary, medisina enjamlary, senagat akkumulýatorlary, mebeller, dokma önümleri, egin-eşikler we beýleki ýokary hilli harytlar görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň