Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýaly lukman ýazda saglygyňy nädip goramalydygyny maslahat berdi

18:1821.04.2025
0
22002
Russiýaly lukman ýazda saglygyňy nädip goramalydygyny maslahat berdi
Surat: MIR 24

Ýaz paslynda zähmet çekmek we dynç almak tertibini berjaý etmek, fiziki maşklary ýerine ýetirmek, iýmitiňe esewan bolmak hem-de witaminleri kabul etmek gerek. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ýurduň Bilim akademiýasynyň prezidentiniň orunbasary Gennadiý Onişşenko maslahat berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Alym şeýle-de häzirki döwürde howanyň häli-şindi üýtgäp durýandygy bilen baglylykda kesellemezligiň möhümdigini nygtady. «Zähmet çekmek bilen dynç almagy sazlaşdyrmak gerek, wagtynda ýatmaly, wagtynda oýanmaly. Eger siz öň hiç hili maşk etmeýän bolsaňyz, muny-da özüňize endik ediniň» diýip, Onişşenko baharda bedeniň immuntetini berkitmek barada maslahatlaryny paýlaşdy. Ol şeýle hem iýmitiňe üns bermegi, sebäbi iýmitlenmegiň adam güýç berýändigini maslahat berdi. Adam hut iýmit arkaly bedene zerur bolan beloklary, ýaglary, uglewodlary alýar.

«Elbetde, witaminleri-de kabul etmek, pasla görä geýinmek gerek, sebäbi häzir köpler gyş eşigini çykardylar. Emma iki paslyň sepgidine laýyk geýinmeli. Şemal çalmagyndan gaça durmak gerek» diýip, lukman alym sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň