Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

25 gatly jaýdan ýykylan hytaýly gyz diri galdy

16:2221.04.2025
0
23771
25 gatly jaýdan ýykylan hytaýly gyz diri galdy
Surat: Report.az

Hytaýyň Tanşan diýen ýerinde mekdep okuwçysy ýaşaýyş jaýynyň 25-nji gatyndan gaçyp, diri galdy. Lukmanlar onuň diňe el-aýagyna şikes ýetendigini habar berdiler diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Betbagtçylyk ýurduň Hebeý ülkesinde 27-nji martda bolupdyr. On ýaşly gyz otagy ýelejiretmekçi bolup, penjiräni açanda, aşak gaçypdyr. Ol ýedinji gatyň karnizine degipdir. Çagany goňşularyň biri görüpdir, ol eýýäm huşuny ýitiren ekeni.

Gyzjagaz ýere galtaşanda, özi ornundan galyp birnäçe ädim ädipdir, emma ýykylypdyr. Gyzy Pekiniň hassahanalarynyň birine eltipdirler. Lukmanlar onda birnäçe döwügi anyklapdyrlar. Birnäçe gezek operasiýadan soňra gyzy öýlerine goýberipdirler. Ejesiniň aýtmagyna görä, bu waka hemmeleri onuň gyzyny Taňrynyň goraýandygyna ynanmaga mejbur edipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň