21-22-nji aprelde Türküstan şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda resmi däl duşuşyk geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri we sebit gün tertibindäki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.