Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen syýahat hyzmat» syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýär

11:0821.04.2025
0
24162

«Türkmen syýahat hyzmat» hojalyk jemgyýeti Тürkmenistanyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýär. Kompaniýa wizalary resmileşdirmekde, myhmanhanalary bronirlemekde hem-de awiapetekleri satyn almakda professional derejede ýardam berýär.

«Türkmen syýahat hyzmat» köp ýyllyk iş tejribesi we ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklary esasynda iň meşhur syýahatçylyk ugurlary boýunça hem özbaşdak, hem-de toparlaýyn syýahatlary guraýar.

Syýahatçylyk kompaniýasy:

Hytaý

Azerbaýjan

Eýran

Russiýa

Özbegistan

Birleşen Arap Emirlikleri

Saud Arabystany

Katar we Hindistan ýaly meşhur ýurtlara syýahatçylyk saparlaryny guramaga ýöriteleşendir.

Bulardan başga-da, kompaniýa Şengen zolagynyň ýurtlaryna syýahat etmäge kömek edip, müşderilerine Ýewropanyň medeniýeti we gözel ýerleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

«Türkmen syýahat hyzmat» kompaniýasynyň hünärmenler topary ýokary derejeli maslahatlary bermäge we siziň ajaýyp syýahatçylyk saparyňyzy guramakda ýardam etmäge hemişe taýýardyr.

«Türkmen syýahat hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 139/1-nji jaý, «Syýahat» myhmanhanasy.

Telefon belgileri: (+993 62) 85 32 30, (+993 62) 07 44 47.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň