Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Belgiýaly welosipedli Brýusselden Şanhaýa ugrady

09:0621.04.2025
0
10158
Belgiýaly welosipedli Brýusselden Şanhaýa ugrady
Surat: Rambler.ru

Belgiýanyň ýaşaýjysy Klod Bruir geçen şenbede Brýussel şäherinden Şanhaýa welosipedli sapara ýola düşdi. Ol ýolugra 9-njy maýda bellenýän Beýik Ýeňiş gününi baýram etmek üçin Moskwada düşlemekçi diýip, «MIR 24» habar berdi.

63 ýaşly belgiýaly syýahatçy 19 hepdede 12 müň kilometri geçip, 31-nji awgustda Şanhaýa barmagy meýilleşdirýär. Bu döwürde ol Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryny, Russiýany, Gazagystany we Hytaý kesip geçer. Şunda Bruir 10 müň kilometri Gün batareýalary oturdylan elektrik welosipedde, galan iki müň kilometri özüniň welosipedini äkitjek ýörite ýük ulaglarynda geçmekçi.

Şanhaýda syýahatçyny ogly garşy alar. Brusselde Bruiri hytaýly diplomatlar, dogan-garyndaşlary we žurnalistler ugratdylar.

Bruir öňki döwlet işgäri. Soňky ýyllarda ol düwnük (rak) keseli bilen göreşdi, häzir onuň saglygy gowy. Belgiýaly özüni oňat duýýar, köp wagt bäri arzuw eden syýahatyna taýýardygyny aýdýar, şeýle-de Şanhaýda işleýän we ýaşaýan ogluny görmek isleýär.

Klod Bruir şeýle gürrüň berýär: «Düwnük maňa durmuşa täzeçe garamagy öwretdi. Men indi öz maksatnamalarymy soňa goýmaly däl diýen netijä geldim. Pensiýada özüni nähili duýjagymy bilmeýärin, şonuň üçin ýola hut häzir ugramaly diýen netijä geldim».

Bruir özüniň bu taslamasynyň ekologiýa we sagdyn durmuşa ýörelgesine üns çekjekdigine umyt edýär. Galyberse-de, ol welosipedli uzak sapary bilen düwnük keselli hassalaryň bejergisi üçin gaznalara serişde toplamaga kömek etjekdigine ynanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň