Samarkant şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmeginiň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Wiktor Mahmudowyň başlyklyk etmeginde geçirilen çärä Gazagystan Respublikasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Gizat Nurdauletow, Gyrgyz Respublikasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Marat Imankulow, Täjigistan Respublikasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ýusuf Rahmon we Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň harby attşeşi Meýlis Annaberdiýew gatnaşdy diýip, yuz.uz özbek saýty ýazýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebitleýin howpsuzlyk, terrorçylyga, ekstremizme we transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş, sebitiň ekologik howpsuzlygy, şeýle hem Merkezi Aziýada ulag howpsuzlygyny üpjün etmek we ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar sebitleýin howpsuzlyk gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň umumydygyny belläp geçdiler, Merkezi Aziýa döwletleriniň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň duşuşyklar mehanizminiň bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak we çözgütleri işläp düzmek üçin ähmiýetini nygtadylar.
Forumyň çäklerinde gatnaşyjylara 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Özbegistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyjynyň çäginde taýýarlanan sebitleýin howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek baradaky Konsepsiýanyň taslamasy hödürlenildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ikinji duşuşygynyň Teswirnamasy kabul edildi. Ol bu çäräniň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.