Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka taýýarlyk görülýär

12:0019.04.2025
0
14658
Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka taýýarlyk görülýär
Surat: Atavatan Türkmenistan

29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, bu sergä Türkmenistanyň söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Serginiň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba alyndy hem-de häzirki wagtda gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak dowam edýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde söwda ulgamyna hem uly ornuň degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutany «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň