Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bäş günläp dowam eden V Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2025) jemi jemlendi. Bäsleşige Russiýanyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Rumyniýanyň we Polşanyň degişli ýokary okuw mekdeplerinden 130-dan gowrak talyp, Türkmenistandan 400 töweregi talyp gatnaşdy.
Şahsy we toparlaýyn görnüşde bu olimpiadanyň geçirilişine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan düzülen eminler topary gözegçilik etdi. Türkmen talyplary onda ýokary netijäni görkezip, jemi 201, şol sanda ýekebara görnüşde 182, toparlaýyn 19 medal gazanmagy başardy. Olar bäsleşigiň şahsy görnüşinde altyn medallaryň 35-sine, kümüş medallaryň 59-syna, bürünç medallaryň bolsa 88-sine mynasyp boldular. Şeýle hem toparlaýyn bäsleşikde 2 altyn, 3 kümüş, 14 bürünç medaly eýelediler.
Halkara olimpiadada özbegistanly talyplar ýekebara bäsleşikde 66, toparlaýynda 11 medala mynasyp boldular. Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik eden ýaşlar şahsy bäsleşikde 39, toparlaýynda 5 medal gazandylar.
Bu olimpiada ilkinji gezek gatnaşan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen talyplar bolsa 1 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç medal gazandylar. Şonuň ýaly-da Indoneziýadan, Hindistandan, Polşadan we Rumyniýadan gelen talyplaryň her biri 1 bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar.