Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçiriler

08:4119.04.2025
0
21238

Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, bu çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler. Şeýle hem bu ýerde arap kolligrafiýasynyň we Liwiýanyň milli lybaslarynyň, kitap we milli tagamlarynyň sergisini guramak, «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Medeniýet günleriniň çäklerinde myhmanlaryň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Şekillendiriş sungaty muzeýine hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň