Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýly alymlar dünýäde iň çalt ýazgy edýän fleşka döretdiler

11:5418.04.2025
0
14293
Hytaýly alymlar dünýäde iň çalt ýazgy edýän fleşka döretdiler
Surat: İlkha.com

Hytaýly alymlar dünýäde iň tiz ýazgy edýän fleş-ýat enjamyny döretdiler, ol 400 pikosekuntda bir bit ýazgy etmäge ukyplydyr diýip, «Sinhua» habarlar agentligine salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar. Öň alymlar bu enjamyň üstünde işleýändikleri barada «Nature» žurnalynda habar beripdiler.

Ýurduň Fudan uniwersitetiniň alymlar topary «PoX» diýlip at berlen grafen kanally, energiýa garaşly iki ölçegli fleş-ýat döretdiler. Ol hatda häzirki 10 nanosekuntda bir bitlik ýat ýazmaga ukyply energiýa garaşly ýat enjamlaryndan hem tiz ýazgy edýär diýip, «Sinhua» ýazýar.

Pikosekunt sekundyň trillionda bir bölegini aňladýan wagt ölçeg birligidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň