ABŞ-nyň Hökümeti daşary ýurtlardaky 30 töweregi amerikan ilçihanasyny we konsullyklaryny ýapmagy meýilleşdirýär diýip, Döwlet departamentiniň içki resminamasyna salgylanýan CNN habar berdi.
Resminamada 10 ilçihanany we 17 konsullygy ýapmak maslahat berilýär. Ol diplomatik edaralaryň köpüsi Ýewropada we Afrikada ýerleşýär, emma Aziýada hem-de Karib basseýninde ýerleşýän ýurtlardaky diplomatik gulluklar bar diýip, «rg.ru» habar berýär.
Mysal üçin, Afrikadaky alty ilçihanany (GAR, Eritreýa, Gambiýa, Lesoto, KDR we Günorta Sudan), Ýewropadaky iki ilçihanany (Lýuksemburg we Malta), şeyle hem Grenadadaky we Maldiwlerdäki diplomatik missiýalary ýapmak göz önünde tutulýar.