Owganystanyň demirgazygynda 5,6 magnitudaly ýer yranma boldy. Bu barada Ýewropa-ortaýerdeňiz seýsmologik merkezine salgylanýan «Report» habar berdi.
Ýerasty sarsgynlar 108 müň töweregi ilatly Baglan şäherinden 167 kilometr gündogarda hasaba alyndy. Onuň ojagy 121 km çuňlukda ýerleşdi.
Ejir çekenler we ýykylan binalar barada habar ýok.