Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewanyň we R.Bazarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda R.Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzalarynyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak we ilkinji sapary Özbegistan Respublikasyna amala aşyrmak baradaky teklibi öňe sürdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň alyp barýan işleriniň diňe bir Türkmenistanda çagalaryň abadançylygynyň bähbidine däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini belläp, “Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, ilkinji saparyň ýakyn goňşy ýurt bolan Özbegistan Respublikasyna guralmagynyň maksadalaýyk çözgüt boljakdygyna ünsi çekdi.
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara tejribe alyşmak, gaznanyň işini halkara giňişliginde wagyz etmek we bu ugurda amala aşyrylýan çäreleri has-da kämilleşdirmek babatda ähmiýetlidigini belläp, Gahryman Arkadag bu teklibi oňlaýandygyny aýtdy.
Iş maslahatynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we lukmançylyk edaralaryna täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Bellenilişi ýaly, bu başlangyçlar keselleriň öňüni almakda ähmiýetli bolar.