Germaniýadaky lýuks kysymly awtoulaglary öndürýän «Isdera» hususy kompaniýasy batandygy barada Saarbrýukkeniň okrug kazyýetine arza bilen ýüz tutdy diýip, «Bild» gazetine salgylanýan «Caliber.az» habar berdi.
Az sanda sargytlar esasynda gymmatbaha ulaglary öndürýän firma 40 ýyl bäri hereket edip gelýärdi. Ol 1982-nji ýylda Leonberg şäherinde awtoulag inženeri Eberhard Şuls tarapyndan esaslandyryldy.
«Isdera» awtoulaglary auksionlarda 1 mln ýewrodan hem gymmat satylýardy. 2016-njy ýylda Şuls öz kompaniýasyny hytaýly hyzmatdaşlary bilen elektroulaglary döretmekde iş alyp barýan «Sinfonia Automotive AG» kompaniýasyna satdy, emma bu başlangyç kompaniýa üstünlik getirmedi.