«Google» korporasiýasynyň hünärmenleri delfinler bilen sözleşmek üçin emeli aň nusgasyny döretdiler. «DolphinGemma» diýlip at berlen dil modeliniň kömegi arkaly inženerler delfinleriň seslerini gaýtalamagy öwrenmegi, aýratyn ülňüleri döredip, haýwanlar bilen aragatnaşygy ýola goýmakçy bolýarlar. Täze maksatnama delfinleri öwrenmek boýunça «Wild Dolphin Project» (WDP) taslamasy bilen bilelikde işe goýberildi.
Alymlar täze programmanyň kitaphanasyna delfinleriň 1985-nji ýyldan bäri toplanan seslerini ýüklediler. Hünärmenler olaryň sözleýşiniň bardygyny bilmeýändiklerini aýdýarlar, emma öwrenilýän parçalarda kesgitli kanunalaýyklyklary hasaba almak bolýar.
Eger ählisi şowly bolsa, alymlar delfinleriň diline düşünip, olar bilen aragatnaşyga girip bilerler. «DolphinGemma» programmasynyň synag goýberilişi şu ýylyň tomsunda bolar.
Bu barada kompaniýanyň sahypasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.