Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda dünýäde iň uly konteýner daşaýjy ulanyşa girizildi

14:0716.04.2025
0
16169
Hytaýda dünýäde iň uly konteýner daşaýjy ulanyşa girizildi
Surat: Gazeta.ru

Hytaýyň döwlet gämigurluşyk kompaniýasy dünýäde iň uly ikiýangyçly konteýner daşaýjyny ulanyşa tabşyrdy, bu barada ýurduň Merkezi teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Gämi bir gezekde 24 müň sany adaty konteýnerleri, agramy 220 müň tonna çenli ýüki daşap biler. Ol Gündogar Aziýadan Ýewropa haryt daşamagy üpjün eder.

Teleýaýlym bu konteýner daşaýjynyň beýikliginiň 25 gatly bina deňdigini habar berdi. Onuň hereketlendirijileri suwuklandyrylan gazda-da işleýär, bir gezek ýangyç bilen üpjün edilenden soňra ol 20 müň deňiz milini (37 müň km-den gowrak) geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň