Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:3516.04.2025
0
24615

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary tamamlandy, türkmen-ýapon gepleşikleriniň netijeleri boýunça 15 resminama gol çekildi, türkmen sambo pälwanlary Aziýa çempionatynyň ilkinji gününde 6 medal gazandylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny tamamlap, Watanyna dolanyp geldi. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutany Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen hem duşuşdy. Imperator Naruhito Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna ýokary baha berdi we ýurduň ösüşiň ähli ugurlarynda gazanan üstünliklerini belläp geçdi.

https://turkmenportal.com/blog/89999/prezident-turkmenistana-obsudil-s-imperatorom-yaponii-perspektivy-dvustoronnego-sotrudnichestva

2. Şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen gepleşikler geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

https://turkmenportal.com/blog/89998/prezident-turkmenistana-priglasil-premera-yaponii-na-forum-v-ashhabad

3. Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk saparyň möhüm bölegini emele getirdi. Oňa «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Kawasaki Heavy Industries» ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

https://turkmenportal.com/blog/90028/spisok-dokumentov-podpisannyh-po-itogam-turkmenoyaponskih-peregovorov

4. Sukuba uniwersitetinde geçirilen dabarada Türkmenistanyň Prezidentine «filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory» diýen ady dakyldy. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy.

https://turkmenportal.com/blog/90007/prezident-turkmenistana-udostoen-zvaniya-pochetnogo-doktora-yaponskogo-universiteta-cukuba

5. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Gonkongda geçirilen Bütindünýä internet maslahatynyň Aziýa-Ýuwaş umman sammitinde sebitleýin internet geçirijilerini we serhetüsti maglumat merkezlerini döretmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň arasynda sanly ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň strategiki ornuna ünsi çekdi.

https://turkmenportal.com/blog/90016/turkmenistan-razvivaet-cifrovye-koridory-mezhdu-aziei-evropoi-i-blizhnim-vostokom

6. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, bu goşmaçalar we üýtgetmeler daşary ýurt raýatlarynyň ýurda gelmeginiň düzgünini ep-esli ýeňilleşdirer. Kanuna daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara bitewi maglumat ulgamy arkaly elektron wiza bermek bilen bagly kadalar goşulýar.

https://turkmenportal.com/blog/90003/v-turkmenistane-gotovitsya-zakonoproekt-ob-uproshchenii-vezda-dlya-inostrancev

7. «Telegram» messenjeriniň wise-prezidenti Ilýa Perekopskiý ilkinji gezek Aşgabada eden saparyndan örän täsirlenendigini mälim etdi. Ol sosial ulgamlar arkaly paýlaşan birnäçe ýazgylarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly binagärlik keşbi we şäher infrastrukturasy barada belläp geçdi. «Telegramyň» wise-prezidentine aýratyn täsir eden zatlaryň biri hem şäheriň keşbi bolupdyr. Onuň sözlerine görä, Aşgabat giň şaýollary, giň pyýada ýollary we ulag dyknyşyklarynyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de Perekopskiý şäherde ýaşyl zolaklaryň we seýilgähleriň örän köpdügini nygtady.

https://turkmenportal.com/blog/90020/viceprezident-telegram-voshishchen-stolicei-turkmenistana

Dünýäde

1. Alty zenan «Blue Origin» raketasynda kosmosa üstünlikli uçuş amala aşyryp, sag-aman Ýere gaýdyp geldi. Ekipažyň düzümine aýdymçy Keti Perri, alypbaryjy Geýl King, «Amazon-yň» esaslandyryjysy Jeff Bezosyň gelinligi Loren Sançes, NASA-nyň raketa gurluşygy boýunça ozalky hünärmeni Aýşa Bou, alym Amanda Nguýen we kinoprodýuser Kerienn Flin girdi. Uçuş bary-ýogy 11 minut dowam etdi. Uçuşa Günbatar Tehasdaky kosmodromdan badalga berildi, şondan soň kosmos gämisi Ýeriň ýüzünden 100 km belentlige çykdy. Ýolagçylar üç minutlap agramsyzlyk ýagdaýyny başdan geçirdiler.

https://turkmenportal.com/blog/90000/polnostyu-zhenskii-ekipazh-s-keti-perri-uspeshno-zavershil-kosmicheskii-polet

2. Hojalyk harytlaryny öndüriji «Clorox Australia» kompaniýasyna aldawly marketing çäresi üçin 8,25 million dollar jerime salyndy. Kompaniýa zibil torbalary üçin ulanylýan çig malyň gelip çykyşy barada sarp edijileri aldamakda aýyplandy. «Clorox Australia» iki ýyllap, 2021-nji ýylyň iýun aýyndan 2023-nji ýylyň iýulyna çenli önümleriniň 50%-niň ummandan toplanan plastikden taýýarlanan hökmünde mahabatlandyrdy. Şeýle-de bolsa, sarp edijileri goramak gullugy tarapyndan geçirilen gözleg zibil torbalaryny taýýarlamak üçin ulanylýan materiallaryň kenardan 50 km uzaklykda ýerleşýän Indoneziýadaky gury ýerde ýaşaýan jemgyýetlerden ýygnalandygyny ýüze çykardy.

https://turkmenportal.com/blog/89990/avstraliiskaya-kompaniya-zaplatit-825-mln-za-obman-ob-ekologichnosti-upakovki

Sport täzelikleri

1. Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Daşkentde badalga alan Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň ilkinji gününde üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri alty medala mynasyp boldular: iki kümüş we dört bürünç. Abraýly yklym ýaryşyna sebitiň 23 ýurdundan 600-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmen toparynyň kümüş medallaryny sport sambosynda Muhammetmyrat Babekow (58 kg çenli agram derejesinde) we söweş sambosynda Bezirgen Begenjow (98 kg çenli) eýelediler. Türkmen toparyna bürünç medallary erkekleriň arasynda sport sambonynyň wekili Sapar Döwletow (64 kilograma çenli) we toparyň zenan türgenleri: Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli), Züleýha Hudaýberdiýewa (54 kg çenli) we Merjen Joraýewa (59 kg çenli) getirdi.

https://turkmenportal.com/blog/90033/turkmenskie-sambisty-zavoevali-6-medalei-v-pervyi-den-chempionata-azii-v-tashkente

2. Türkmenistanyň «Arkadag» futbol klubynyň tälimçiler topary we futbolçylary Kuweýtiň «Al-Arabi» klubyna garşy AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalyndaky jogap duşuşygynda, ilkinji oýnuň şowsuz bolandygyna garamazdan, ýagdaýy özgertmäge çynlakaý taýýarlyk görýärler. Öý eýelerine finala çykmak üçin üç ýa-da ondan köp gol tapawudy bilen ýeňiş gazanmak zerur bolup durýar. Tälimçiniň bellemegine görä, topar aýgytlaýjy duşuşyga amatly düzümde taýýarlyk görýär. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/2 finalynyň jogap duşuşygy şu gün Arkadag şäherinde geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 15:30-da başlar.

https://turkmenportal.com/blog/90014/arkadag-nastroen-na-kambek-v-polufinale-ligi-vyzova-afk

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň