Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Duşenbede geçirilen halkara maslahatda çykyş etdi

11:0016.04.2025
0
16402

Düýn Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçisi A.Goçmyradow «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde we ýaşyl diplomatiýany ilerletmekde Täjigistan Respublikasynyň goşandy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Bu çäre Täjigistanyň Halkara syýahatçylyk we telekeçilik uniwersitetiniň Durnukly ösüş we ýaşyl ykdysadyýet boýunça ylmy-barlag instituty tarapyndan guraldy.

Ilçihananyň habar bermegine görä, maslahatyň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň ilçisi häzirki wagtda howanyň üýtgemegi bilen bagly dünýä derejesindäki howplara garşy jogap hökmünde ýurtda durnukly ösüş ugrunda toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini aýtdy. Hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem, ýurtda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de howanyň üýtgemelerine garşy halkara tagallalara işjeň gatnaşmak maksady bilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Maslahatyň dowamynda 28–29-njy aprel aralygynda Arkadag şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ilkinji ministrler maslahatyna aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu forum ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de durnukly ösüş boýunça halkara gün tertibini ilerletmekde sebit derejesindäki möhüm platforma öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň