Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanda türkmen bedewiniň hem-de türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi guraldy

10:2816.04.2025
0
13199
Täjigistanda türkmen bedewiniň hem-de türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi guraldy
Surat: THP

Täjigistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy her ýylyň aprel we maý aýlarynda Türkmenistanda dabaraly bellenilýän türkmen bedewiniň hem-de türkmen halysynyň baýramlaryna bagyşlap sergi gurady.

Sergä Täjigistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, atçylyk we haly dokamak boýunça hünärmenler, Täjigistandaky türkmen diasporasynyň hem-de metbugat wekilleri gatnaşdy.

Sergide ahalteke atçylyk däpleriniň we haly dokamak sungatynyň üsti bilen türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan goşandy barada maglumat berilýär. Sergä gatnaşanlar, esasan hem, türkmen halkynyň medeni mirasynyň ajaýyp ussatlyk derejesini, çeperçilik ähmiýetini we çuňňur simwolizmini bellediler.

Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işine, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň hem-de türkmen milli halyçylyk sungatynyň girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň