Yraga güýçli çägeli harasat düşdi. Ýurduň merkezi we günorta etraplary has ejir çekdi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Asman ysgysdyryjy gyzyl reňke boýaldy. Köçelerde köp heläkçilikler boldy. Adamlar kynlyk bilen dem alýarlar, agyz-burun örtükli gezýärler. Yragyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habarynda çägeli harasat sebäpli, iki müň adamyň demgysmadan ejir çekendigini aýdylýar. Raýatlar kömek sorap hassahana ýüz tutdular.
Tebigy betbagtçylyk sebäpli Najafyň we Basranyň halkara howa menziliniň işi bozuldy.