Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda dünýäniň howa menzilleriniň ýolagçy gatnawy 9 göterim artdy

09:0515.04.2025
0
12619
2024-nji ýylda dünýäniň howa menzilleriniň ýolagçy gatnawy 9 göterim artdy
Surat: Aviastat.ru

Dünýäniň aeroportlarynyň ýolagçy gatnawlary 2024-nji ýylda 9 göterim artyp, 9,5 milliard adama ýetdi. Bu barada Howa menzilleriniň halkara geňeşiniň (ACI) deslapky maglumatlaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Dünýäniň iň köp gatnawly howa menzili (içerki we halkara gatnawlary hasaba almak bilen birlikde) ýene Atlantadaky «Hartsfild-Jekson» boldy, ol 108,1 mln ýolagça ( 2023-nji ýyldakydan 3,3 göterim köp) hyzmat etdi. Ol «Delta Air Lines» awiakompaniýasynyň haby bolup durýar.

Howa menzilleriniň ilkinji onlugyna şeýle hem Tokionyň, Londonyň, Denweriň, Stambulyň, Çikagonyň, Nýu-Deliniň we Şanhaýyň howa menzilleri girdiler.

ACI edarasy dünýäniň ilkinji on howa menziline dünýä gatnawlarynyň 9 göterimine golaýynyň degişli bolandygyny (855 mln adam) we munuň 2023-nji ýyldakydan 8,8 göterim köpdügini habar berdi. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýolagçy gatnawlarynyň 4,8 göterim köpelip, 9,9 mlrd adama ýetjekdigi çaklanýar.

ACI edarasy 170 döwletde 2,18 müň howa menzilini özüne birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň