Günorta Koreýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylaryna aprel aýy garaşylmadyk serpaý ýapdy: hemme ýerde ülje agaçlary gülleýän maýyl möwsümde garaşylmadyk gar ýagdy. Bu soňky 80 ýylda ilkinji wakadyr diýip, «rg.ru» ýazýar.
Geçen şenbede Günorta Koreýanyň çäginde howa birden sowady we güýçli şemal başlandy. Käbir ýerlerde ol ýazgylary gopardy, üçekleri äkitdi, öýlere zeper ýetirdi, howa we deňiz portlarynda uçarlaryň hem-de gämileriň hereketi ýatyryldy.
Seulda howanyň derejesi noldan 2,4 gradusa çenli pese düşdi, gar ýagdy. Paýtagtda soňky gezek şeýle gar baryp 1944-nji ýylda ýagypdy. Daglyk etraplarda 10-15 sm gar düşdi. Sowuk we güýçli şemally howa duşenbe güni-de dowam eder diýlip garaşylýar.
Öň ýylyň bu möwsüminde Seulda howa 20 gradusdan hem maýyl bolýardy, bu bolsa üljeleriň güllemegi üçin amatlydy. Emma bu gezek ülje güllerini güýçli şemal äkitdi.