Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hatdatlyk boýunça bäsleşik yglan edildi

15:5814.04.2025
0
27804

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilelikde 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna türkmen ýaşlarynyň ünsüni çekmek maksady bilen, «Owadan ýazuw» atly bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşigiň düzgünnamasy «Biznes reklama» gazetinde çap edildi.

Bäsleşige 35 ýaşa çenli bolan türkmen ýaşlary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran hem-de döwürdeş şahyrlaryň islendik bir goşgusyny A4 çap kagyzyna golýazma usulynda ýazyp, «Biznes reklama» gazetiniň salgysyna (Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 593-nji jaý) ugratmaly.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň golýazmalary 7-nji maýa çenli kabul ediler.

Eminler topary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan saýlanyp, onuň jemi 2025-nji ýylyň maý aýynyň birinji ongünlüginde jemleniler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy: 23 77 92

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň