Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arryk hytaýlylardan köçä çykmazlygy haýyş etdiler

15:1614.04.2025
0
16458
Arryk hytaýlylardan köçä çykmazlygy haýyş etdiler
Surat: Oxu.az

Hytaýyň demirgazyk sebitleriniň ýaşaýjylaryna eger agramy 50 kilogramdan az bolsa, güýçli şemal sebäpli golaý iki günde köçä çykmazlygy maslahat berdiler. Bu barada «FTV News» teleýaýlymyna salgylanýan «Caliber.az» ýazýar.

Düýn— 13-nji aprelde bu maslahatyň möwriti doldy, maglumatlara laýyklykda, Pekinde, Týanszinde we Hebeý sebitiniň beýleki böleklerinde güýçli şemal boldy.

Pekinde orta mekdeplerde okuwlar ýatyryldy, muzeýler işlemedi. Şoudu howa menzilinde bulaşyk howa sebäpli azyndan 400 gatnaw saklandy. Harasat Hytaýa Mongoliýadan geldi diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň