13-nji aprelde Täjigistanyň Raşt etrabynda 17 sany ýaşaýyş öýi ýer yranma sebäpli bölekleýin ýykyldy. Bu barada ýurduň Hökümetiniň adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy boýunça komitetiniň dolandyryş merkezine salgylanýan TASS habar berdi.
Ýer yranma ýerli wagt bilen ir sagat 09.24-de boldy, netijede, Raşrt etrabynyň dört obasyndaky 17 öýe zeper ýetdi.
Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň Merkezi Aziýadaky ýer yranmalary yzarlaýan Seýsmoçaklaýyş merkeziniň maglumatlaryna laýyklykda, ýer yranmasynyň güýji 5,8 bala deň boldy.
«Daryo.uz» portaly Täjigistandaky irki ýer yranmasynda 29 öýüň we bir mekdebiň ýykylandygyny hem-de bir çaganyň pida bolandygyny habar berdi.