Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparyna taýýarlyk görülýär, Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny geçirmek boýunça gurmaçylyk topary döredildi, Aşgabatda guşakly göreş boýunça halkara ýaryşlary geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparyna taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda döwlet Baştutanynyň ýakyn wagtda boljak sapary üçin ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Döwlet Baştutany daşary işler ministrine bu dostlukly ýurda boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Topar dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.
3. 23-24-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň Hökümet mejlisinde habar berşi ýaly, bu çärä gatnaşmak üçin 30 ýurtdan 300-e golaý wekil hasaba alyndy. Foruma taýýarlyk işleri dowam edýär, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
4. Maý aýynda Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň sergisi guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nöker Atagulyýew habar berdi. Sergide Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň eksporta niýetlenen harytlary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleri görkeziler.
https://turkmenportal.com/blog/89898/turkmenistan-planiruet-provesti-v-irane-vystavku-svoih-tovarov
5. «Belli Creative» dizaýn studiýasy 13-nji aprelde açylyşy boljak Osaka 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Pawilýon täzelenişi, durnukly ösüşi we ýaşaýşyň hemişelik akymyny alamatlandyrýan ýumşak üçburçluk görnüşindäki özboluşly binagärlik tilsimi bilen tapawutlanýar. «Expo 2025» Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli geçiriler. Türkmenistanyň milli gününi «Expo 2025» sergisiniň dabaraly açylyşynyň ertesi güni – 14-nji aprelde geçirmeklik meýilleşdirilýär.
6. Astrahan oblastynyň Priwolžskiý etrabynyň Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy. Bäsleşige 1 – 9-njy synp aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler öz eserlerinde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, halklaryň arasyndaky dostluk we bitaraplyk ýaly mowzuklary beýan etdiler. Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar diplomlar, ýadygärlik sowgatlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Käbir eserlere Türkmenistanyň konsullygy tarapyndan ýörite baýraklar gowşuryldy.
Dünýäde
1. Uçuşlaryň tutuş taryhynyň dowamynda 43 ýurtdan 631 adam, şol sanda 13 ýurtdan 82 aýal kosmosda bolup gördi. Bu maglumatlar ussat kosmonawtlary we astronawtlary, şeýle hem kosmos syýahatçylaryny öz içine alýar. Statistikalara laýyklykda, kosmosa uçan adamlaryň sanynda jedelsiz lider 369 wekili bolan ABŞ-dyr. Kosmosda geçirilen umumy wagt boýunça dünýä rekordynyň eýesiniň Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkodygyny bellemek gerek, ol amala aşyran bäş missiýasynyň dowamynda orbitda 1110 gün, 14 sagat, 58 minut, 37 sekuntda geçirdi.
https://turkmenportal.com/blog/89904/bolee-630-chelovek-pobyvali-v-kosmose-za-vsyu-istoriyu-poletov
Sport täzelikleri
1. 22 – 25-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly «alyş» göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa bu halkara ýaryşy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredildi we ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar. Halkara ýaryşa daşary ýurtlardan köp sanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.