Belli Creative dizaýn studiýasy 13-nji aprelde açylyşy boljak Osaka 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Taslamanyň milli däpleri we döwrebap tehnologiýalary özboluşlylyk bilen birleşdirýän innowasion binagärlik çözgüdi ünsüňi çekdirýär.
Pawilýon täzelenişi, durnukly ösüşi we ýaşaýşyň hemişelik akymyny alamatlandyrýan ýumşak üçburçluk görnüşindäki özboluşly binagärlik tilsimi bilen tapawutlanýar.
Üçegiň dizaýny ýerine ýetirilende ol türkmenleriň çuňňur taryhy kökleri bilen baglanyşykly bolan adaty türkmen bezeginden — gulýaka bezeg şaýyndan ylham alyndy – diýip, dizaýnerler Turkmenportala habar berdiler. Binanyň daşky keşbi Türkmenistanyň tebigy gözellikleriniň biri bolan Garagum çölüniň estetikasyny görkezýär.
Mundan başga-da, pawilýonyň üç gatly gurluşy tematiki ýörelge boýunça gurnalyp, onuň birinji gaty döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen immersiw sergi zalynyň wezipesini ýerine ýetirýär. Merkezi düzüm bölegi Türkmenistan boýunça özboluşly audiowizual goldaw bilen wirtual syýahaty görkezýän ägirt uly şar görnüşli ekran bolar.
Ikinji gat energetika, senagat, saglygy goraýyş, bilim, sport we medeniýet pudaklarynda ýurduň gazananlaryny görkezýän ulgamlaýyn sergilere bagyşlanar. Bu gatyň merkezi böleginde türkmen dermanlyk ösümlikleriniň ýörite sergisine aýratyn üns berilýär.
Üçünji gat medeni gymmatlyklaryň merkezi hökmünde hyzmat edýär, bu ýerde türkmenleriň elde dokalan halylarynyň we milli keşdeleriň özboluşly nusgalary görkezilýär. Şeýle-de bu ýerde ekologiýa taýdan arassa önümlerden taýýarlanan milli restoranlar we adaty türkmen tälerleri bolan açyk terrasa ýerleşýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň milli gününi Expo 2025 sergisiniň dabaraly açylyşynyň ertesi güni - 14-nji aprelde geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Expo 2025 Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli «Biziň ýaşaýyşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döretmek» şygary astynda geçiriler. Çäre Osaka aýlagyndaky Ýumeşima emeli adasynda geçiriler we oňa 28 milliondan gowrak myhman gatnaşar diýlip çaklanylýar.