Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýol çyzgy reňklerini öndürýän önümhana gurlar

10:0212.04.2025
0
19147

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ýol çyzgylarynyň reňklerini öndürýän önümhananyň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça halkara tender bäsleşigini yglan etdi. Taslamany «doly gurup tabşyrmak» şerti bilen ýurduň çäginde durmuşa geçiriler.

Gyzyklanýan kompaniýalar tender bäsleşigi yglan edilen gününden (12.04.2025 ý. senesindäki «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti) başlap 30 iş gününiň dowamynda tendere gatnaşmak üçin ýüz tutup bilerler. Gatnaşmak üçin olaryň bellige alyş we tertipnama resminamalary goşmak bilen, kompaniýa barada doly maglumatlary bermeli, şeýle hem 1725 amerikan dollary (225 dollar goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen) ýa-da türkmen manadyndaky deň möçberdäki tölegini tölemeli. Gatnaşmak üçin töleg yzyna gaýtarylmaýar.

Tender-bäsleşiginiň teklipleri ministrlige şu salgy boýunça gowşurylmaly: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 132. Tekliplere diňe görkezilen hasaplara töleg geçirilenden soň serediler.

Resminamalar iki aýratyn bukjada berilmeli: biri täjirçilik teklibini öz içine alýan (diňe baha ýöritenamasyny öz içine alýar) we beýlekisi tehniki teklibi öz içine alýan (ähli beýleki zerur resminamalary öz içine alýar).

Goşmaça maglumatlar üçin şu telefonlar boýunça ýüz tutup bilersiňiz: 39-00-33/17/21.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň