Şu günler Türkmenistanyň döwlet gurjak teatrynyň artistleri Balkan welaýatynyň ähli ýerinde özleriniň gyzykly sahna oýunlary bilen çykyş edýärler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Teatryň artistleriniň çykyşy Gyzylarbat şäherinde başlandy. Bu ýerde olar şäheriň birnäçe okuw mekdeplerinde çykyş etdiler.
Soňra teatryň artistleri Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin özleriniň gyzykly sahna oýunlaryny görkezdiler.
«Janly gurjaklar» atly çagalar üçin spektakl we «Şadyýan şou» atly uly ýaşly adamlar üçin gülküli sahna çykyşy görkezilýär.
«Ýakyn wagtlarda biziň teatrymyz kenar ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherine barar, ol ýerde birnäçe günüň dowamynda biz spektakllarymyz bilen çykyş ederis. Welaýatda teatr muşdaklarynyň minnetdarlygy biziň artistlerimizi juda buýsandyrýar we täze işleri döretmäge ruhlandyrýar» - diýip, teatryň baş administratory Allaguly Gurbanow habar berdi.
Ýaş zehinli artistleriň gyzykly sahna çykyşlary türkmen tomaşaçylaryna diýseň ýaraýar, teatryň artistlerini ähli ýerde dowamly el çarpyşmalary bilen garşy alýarlar — diýip, neşirde bellenilýär.