Häzir dünýäniň ähli ýurtlary öz harby goranyşyna maýa goýýarlar we «ýaramaz ýagdaýlaryň döremegine» taýýarlanýarlar. Bu barada Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto Antaliýadaky diplomatik forumda eden çykyşynda aýtdy.
«Her bir ýurt häzir islendik ýaramaz ýagdaýlaryň döremegine taýýarlyk görmelidir. Indi biz güýçli goranyşa maýa goýmaly, sebäbi öňümizde nämeleriň garaşýandygyny bilmeýäris» diýip, Prabowo Subianto nygtady.
Indoneziýanyň lideri şeýle-de diplomatiýanyň bu günki üstünligine umytly garap barmaýandygyny, sebäbi hakykat ýüzünde güýçli ýurtlaryň islänini edýändigini aýtdy. Munuň Ikinji jahan urşundan soňra günbatar ýurtlaryň özleri tarapyndan döredilen düzgünlere eýerýän halkara ulgama ýaramaz täsir edýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.