Şu gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda Astrahan sebitiniň Priwolžsk etrabynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi diýip, Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy habar berdi.
Dabara Türkmenistanyň konsuly, mugallymlar, mekdep okuwçylary we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.
Bäsleşik bu orta mekdebiň 1-9-njy synp okuwçylary gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler bäsleşige parahatçylyk, hoşniýetlilik, halklaryň arasyndaky dostluk we Bitaraplyk ýaly temalar boýunça çeken suratlaryny hödürlediler.
Şol bir wagtyň özünde çagalaryň arasyndaky surat çekmek boýunça bäsleşik Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylaryň arasynda hem geçirildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy orta mekdepleriň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly guraldy.
Ýeňijiler Hormat hatlary, ýadygärlik we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Aýratyn tapawutlanan işleriň awtorlaryna Türkmenistanyň konsullygy tarapyndan ýörite baýraklar gowşuryldy.