Malaýziýada Günorta-Hytaý deňzinde ýelken-balyk 34 ýaşly balykçy Lukman Al Hakimi gaýygy biledn suwuň düýbüne äkitmekçi boldy. Waka iki ýyl mundan öň bolupdyr, emma ol barada «The Star» neşiri indi ýazýar diýip, «rbc.ru» gürrüň berýär.
Gaýykçynyň ýatlamalaryna görä, ol şol gün patyşa makreli balygyny tutmak üçin Kuatan şäheriniň golaýynda deňze çykypdyr. Äpet ýelken-balyk onuň çeňňegine düşüpdir. Emma ol per bermän, balykçyny gaýygy bilen bilelikde 2,4 kilometre süýräp äkidipdir. Ýarym sagatdan soňra balyk ýadanda, Lukman Al Hakim onuň naýza meňzeş temeginiň 50 santimetre ýetýändigini görüpdir. Balygyň agramy-da 25 kilogram töweregi bolup, ony darajyk gaýyna ýükläp boljak däl ekeni.
Balykça awyny suwa goýbermekden başga alaç galmandyr. Lukman Al Hakim ýelken - balygyň etiniň o diýen süýji bolmaýandygyny, rezin ýaly gatydygyny gürrüň berýär. Balykçynyň aýtmagyna görä, onuň bar lezzeti aw wagty başdan geçirýän duýgularyňdyr.