Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sportuň futbol we küşt görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Türkmenistanyň Er-Riýaddaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, çärä Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri hem-de bu ýerde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň ahyrynda tapawutlanan gatnaşyjylara ilçihana tarapyndan sylaglar gowşuryldy we türkmen milli tagamlary hödür edildi diýlip, habarda bellenilýär.