Amerikanyň «Apple» korporasiýasy dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawyndaky ilkinji orna ýene dolandy. Kompaniýanyň paýnamalarynyň 15,3 göterim gymmatlamagy we kapitalizasiýasynyň 2,59 trillion dollardan 2,99 trillion dollara çenli artmagy muňa sebäp boldy. Bu barada biržada paýnamalaryň satuwy barada maglumatlara salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Bir gün mundan öň «Apple» sanawdaky ornuny kapitalizasiýasy 2,9 trln dollara ýeten «Microsoft» kompaniýasyna beripdi, emma aradan bir gün geçmänkä öňki ornuny gaýdyp aldy.
Habarda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýurtlaryň birgideninden importa gümrük paçlaryny yglan edenden soňra gazna bazarlarynda paýnamalary gyssagly satmagyň işjeňleşendigi bellenýär, treýderler söwda urşy ähtimallygy bilen bagly öz töwekgelçiliklerini peseltmek isleýärler.