Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Prada» moda öýi «Versace» brendini satyn aldy

14:2211.04.2025
0
12058
«Prada» moda öýi «Versace» brendini satyn aldy
Surat: RIA Nowosti

Italiýanyň meşhur «Prada» moda öýi «Versace» brendini «Capri Holdings» holdinginden 1,4 milliard amerikan dollaryna satyn aldy. Bu barada holdingiň metbugat habarnamasyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

«Capri Holdings Limited» şu gün lýuks topardaky ählumumy moda boýunça «Versace» brendini «Prada S.p.A.» kompaniýasyna 1,375 milliard dollara satmak boýunça gutarnykly ylalaşygyň baglaşylandygyny yglan etdi» diýlip, habarda bellenýär.

Söwdalaşyk şu ýylyň ikinji ýarymynda doly tamamlanar diýlip garaşylýar.

«Capri Holdings» holdingi «Versace» brendine 2018-nji ýyldan bäri eýelik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň