«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy «Rowachpack» brendi astynda berk polipropilenden öndürilen dört tutawaçly uly torbalaryny (big beg) hödürleýär.
Önümler ölçegi, ýük göterijiligi we gurluş aýratynlyklary bilen tapawutlanýan birnäçe nusgany öz içine alýar. Hususan-da, aşakdaky görnüşler hödürlenýär:
MKR 1.0/1.2-L4-130-190/140 ýokarsy Gurnalýan, düýbi Bitewi, tutawajynyň beýikligi 30 sm, agramy Mkr kg - 1,47
MKR 1.2/1.2-L4-150-190/160 ýokarsy Gurnalýan, düýbi galena bilen Boşadylýan klapanly (BK), tutawajynyň beýikligi 30 sm, agramy Mkr kg - 1,86
MKR 1.3/1.0-L4-170-190/140 ýokarsy Ýükleýji klapanly (ÝK), düýbi galena bilen Boşadylýan klapanly (BK), tutawajynyň beýikligi 30 sm, agramy Mkr kg - 1,75
Hödürlenýän nusgalaryň tapawutly aýratynlygy dört sany 30 sm beýiklikdäki tutawajynyň we A4 formatdaky resminamalary salmak üçin goşmaça jübüsiniň bolmagydyr, bu bolsa uly torbalary (big beg) ulanmagy we daşamagy has amatly edýär.
Öndüriji hödürleýän «Rowachpack» brendli uly torbalarynyň ýokary berkligine we ygtybarlylygyna ünsi çekýär. Polipropileniň ulanylmagy ýyrtylma we zeperlenmä garşy durnuklylygy üpjün edip, hatda çylşyrymly ulanyş şertlerinde-de gaplanan önümleriň howpsuzlygyny kepillendirýär. Mundan başga-da, material gaplanan önümi çyglylykdan, tozandan we beýleki ýaramaz daşarky täsirlerden netijeli goraýar.
«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:
- telefonlar: (+993 62) 29 29 69 (+993 12) 29 29 69;
- elektron poçta: rowachpack@gmail.com;
- sosial ulgamdaky sahypasy.