Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dominikan gijeki klubda heläk bolanlaryň gözlegini resmi bes etdi

09:0711.04.2025
0
13251
Dominikan gijeki klubda heläk bolanlaryň gözlegini resmi bes etdi
Surat: Rg.ru

Dominikan Respublikasy Santo-Domingoda aýdymçy Rubbi Peresiň çykyşy wagtynda «Jet Set Club» gijeki klubynda bolan heläkçilikde diri galanlary gözlemegi resmi bes etdi.

«The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, deslapky maglumatlara görä, klubyň üçeginiň ýumrulmagynda 184 adam gurban boldy, 500 adam şikes aldy. Indi ähli üns pida bolanlaryň jesetlerini harabalykdan çykarmakda jemlendi.

300 sany halas ediji aňtaw itleri bilen bilelikde, iki günläp binanyň harabalygynda gözleg-halas ediş işlerini alyp bardy. Gözleglere Puerto-Rikodan we Ysraýyldan hem ýangyn söndürijiler gatnaşdylar. Habar beriş serişdeleri 1700 adamlyk klubda heläkçilik wagty 500-den 100 müňe çenli tomaşaçynyň bolandygyny habar berdiler.

«Jet Set Club» kluby 8-nji aprelde ýerli wagt bilen sagat 12:44-de bolan agyr heläkçiligi derňemekde ýerli häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi.

Sosial ulgamlarda çap edilen wideoda aýdymçy Peresiň çykyşy wagty zalyň birdenkä tümlüge bürenýändigi görünýär. Aýdymçynyň gurban bolandygy habar berilýär.

Öň Dominikan Respublikasynyň Prezidenti Luis Abinaderiň ýurtda üç günlük matam yglan edendigi habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň