«Bäherdenagyzsuw» müdirligi tarapyndan etrabyň çägindäki kärizlerde ýazky arassalaýyş we abatlaýyş işlerine taýýarlykly girişildi. Müdirligiň kärizçi ussalary bu ugurda geçen ýyllarda toplan baý tejribelerine daýanýarlar we asylly işe jogapkärçilikli çemeleşýärler diýlip, türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, kärizgenler möwsümiň dowamynda etrap merkezindäki «Çopan», «Garaja», Mürçe geňeşligindäki «Janabat», Bamy geňeşligindäki «Bamyata», Sünçe geňeşligindäki «Garasuw», Döwgala geňeşligindäki «Döw», Akdepe geňeşligindäki «Han», Durun geňeşligindäki «Hüntüş», Börme geňeşligindäki «Köne Börme» ýaly kärizlerde degişli arassalaýyş we abatlaýyş işlerini alyp bararlar.
Bu kärizleriň jana tenekar suwy ençeme ýyllardan bäri etrabyň ýaşaýjylarynyň agyz suw üpjünçiliginde giňden peýdalanylýar diýlip, habarda bellenilýär.