Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

10-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:5410.04.2025
0
15181

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistanda Mekgä we Medinä zyýaratçylary ibermek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistan we Eýran Hazar deňziniň çäkleri barada pikir alyşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Saparyň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow täze guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Ikinji tapgyrda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmalydygyna aýratyn üns çekildi. Iş maslahatynyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem şanly senäniň hormatyna ýurduň atşynaslar toparyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagynyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

https://turkmenportal.com/blog/89799/gurbanguly-berdymuhamedov-sovershil-rabochuyu-poezdku-v-gorod-arkadag

2. Türkmenistanda haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata gitmäge isleg bildirýänleri mukaddes Mekge we Medine şäherlerine ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurtda üç günläp bellenilýän Gurban baýramynyň çäklerinde Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan zyýaratçylary ugratmak üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär, döwlet tarapyndan bolsa bu ugur boýunça ýörite howa gatnawlary ýola goýulýar. Bu barada Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda aýtdy. Saparynyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy täze metjidiň gurulýan ýerine gelip, degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Metjidiniň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik, şol sanda 5 müň zenana niýetlenen ýer göz öňünde tutulandyr.

https://turkmenportal.com/blog/89805/v-turkmenistane-vedetsya-organizacionnaya-rabota-po-otpravke-palomnikov-v-mekku-i-medinu

3. Aşgabatda deňiz serhedini kesgitlemek, balykçylyk sebitleriniň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygy çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi bilen bagly meseleler boýunça ikitaraplaýyn türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň daşary işler ministriniň Hazar deňzi meseleleri boýunça kömekçisi Alireza Jahangiri ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri bilen bir hatarda, Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/89791/turkmenistan-i-iran-obsudili-voprosy-razgranicheniya-kaspiiskogo-morya

4. Türkmenistanyň wekiliýeti Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdylar. Gazagystanda, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Aktau şäherine «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýen ada eýe bolmak nobaty 2024-nji ýylda bu ýokary derejäni göteren Türkmenistanyň Änew şäherinden geçirildi. Aktau şäherinde guralan dabara TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/89814/turkmenistan-prinyal-uchastie-v-torzhestvah-v-chest-aktau--kulturnoi-stolicy-tyurkskogo-mira

5. Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Ženewa saparynyň çäklerinde Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistanyň BSG bilen häzirki gatnaşyklaryny we geljekde hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda ýurduň guramanyň düzümine goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/89797/vicepremer-turkmenistana-i-generalnyi-direktor-vto-proveli-peregovory-v-zheneve

6. Wolgograd şäherinde geçirilen işewürlik duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň we Wolgograd sebitiniň arasynda özara söwda gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegi hem-de işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Wolgograd sebitiniň işewür jemgyýetiniň we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyndaky Dokma toplumynyň hem-de Kaka dokma toplumynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem taraplar dokma önümçiliginde bilelikdäki taslamalary guramagyň mümkinçiliklerine garadylar.

https://turkmenportal.com/blog/89795/turkmenistan-budet-eksportirovat-tekstilnuyu-produkciyu-v-volgogradskuyu-oblast

Dünýäde

1. Hytaýyň Hökümeti ýurtda toýlaryň sanyny köpeltmegi maksat edinip, nika hasaba alyş düzgünlerine düýpli üýtgetmeler girizdi. Statistika nikalaryň sanynyň ep-esli azalandygyny görkezýär: 2023-nji ýylda 7,68 million jübüt gatnaşyklaryny resmi taýdan hasaba alan bolsa, 2024-nji ýylda bu görkeziji 6,1 milliona çenli azaldy. Täzelenen kanunlar nika baglaşmagyň tertibini has-da aňsatlaşdyrýar. 2025-nji ýylyň 10-njy maýyndan başlap, HHR-niň raýatlary diňe şahsyýetnamasyny tassyklaýan resminamany, nikada durmaýandygynyň subutnamasyny we jübütiň üç nesle çenli garyndaşlygynyň ýokdugyny görkezýän kepilnamany görkezmeli bolarlar. Ozal öý bellige alyş kitaby hökmany resminamalaryň hataryndady, bu bolsa goşmaça kynçylyklary döredýärdi. Resmi hasapda duran ýerinden daşynda nikany resmileşdirmek mümkinçiligi möhüm täzelik boldy. Bu 2003-nji ýyldan bäri nika kanunçylygyna girizilen ilkinji täzelenmedir.

https://turkmenportal.com/blog/89827/brachnye-procedury-v-kitae-stali-proshche-v-ramkah-usilii-po-uvelicheniyu-chisla-svadeb

2. Nigeriýaly bir adam toýunda pul seçendigi üçin alty aý azatlykdan mahrum edildi. Kazyýet Abdullah Musa Huseýnini milli walýutany goramak baradaky kanuny bozmakda günäkärledi. Derňewiň ýüze çykarmagyna görä, toý dabarasynda günäkärlenýän pullary töweregine seçdi. Ykdysady we maliýe jenaýatlary boýunça komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Huseýni 1000 naýradan 100 töweregi banknoty seçdi, olaryň jemi mukdary bolsa 59 ýewro golaýdyr. Kano şäheriniň federal kazysy bu hereketleri milli walýutanyň bilkastlaýyn kemsidilmegi hökmünde häsiýetlendirdi we mümkin boldugyça ýokary jeza berdi.

https://turkmenportal.com/blog/89792/v-nigerii-zheniha-prigovorili-k-tyuremnomu-sroku-za-razbrasyvanie-deneg-na-sobstvennoi-svadbe

Sport täzelikleri

1. 11-nji aprelde «Ahal» bilen «Merwiň» arasyndaky oýun bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 6-njy tapgyry başlanar. Ertesi gün «Altyn Asyr» bilen «Şagadamyň» arasynda duşuşyk geçiriler, tapgyr 13-nji aprelde «Köpetdag» – «Nebitçi» oýny bilen tamamlanar. Ýatlatsak, golaýda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Gözegçilik we düzgün-nyzam komiteti Marynyň «Merw» toparyna Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 4-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen oýunda 0:3 hasabynda tehniki ýeňliş berdi.

https://turkmenportal.com/blog/89832/mervu-zaschitali-tehnicheskoe-porazhenie-v-matche-chempionata-turkmenistana-s-nebitchi

2. Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň birinji ýarym final oýnunda Kuweýtiň «Al-Arabi» toparyndan ýeňildi. El-Kuweýtde geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Jogap duşuşygy 16-njy aprelde Arkadag şäherinde geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/89802/arkadag-ustupil-alarabi-v-pervom-matche-polufinala-ligi-vyzova-afk

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň