Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere (LLDC-3) bagyşlanan üçünji Konferensiýasyna taýýarlyk boýunça ikinji baha beriji missiýasynyň işiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, brifingde 2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji Konferensiýasyna taýýarlyk bilen bagly baha beriji missiýanyň işiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu çärä taýýarlyk görmek boýunça giň gerimli protokol, guramaçylyk we seljeriş işleriniň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şeýle hem Konferensiýanyň tematik sessiýalary, forumlary we tegelek stollary öz içine alýan çäreler maksatnamasynyň gurluşy barada jikme-jik maglumat berildi.
Brifinge gatnaşyjylar bu çäräniň dünýä derejesindäki ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler, gün tertibiniň esasy ugurlaryny we Konferensiýanyň Jemleýji resminamasyny hem-de beýleki degişli materiallaryny taýýarlamak meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.