Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kongoda begemotlar köpçülikleýin gyrylýar

16:1810.04.2025
0
15570
Kongoda begemotlar köpçülikleýin gyrylýar
Surat: News.ru

Kongo döwletinde azyndan 50 begemot we iri haýwanlar sibir ýarasyndan öldi. «Daily Mail» neşiriniň ýazmagyna görä, olaryň jesetleri Wirunga milli seýilgähindäki Işaşa derýasyndan tapyldy.

Habarda haýwanlaryň pida bolmagynyň seýilgäh üçin häzire çenli iň köpçülikleýin ýitgidigi bellenýär. Goraghanada birnäçe onýyllyklar bäri begemotlaryň sanyny köpeltmek ugrunda iş alyp bardylar.

Muňa bikanun awlamagyň we urşuň netijesinde 2006-njy ýylda 20 müň begemotyň birnäçe 100-e çenli azaltmagy sebäp boldy. Häzirki wagtda seýilgähde 1200 töweregi begemot bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň