ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sişenbe güni Ak tamda çykyş edip, öz ýurdunyň gümrük paçlaryndan her günde 2 milliard dollar girdeji alýandygyny habar berdi.
Tramp bu barada çykyşynda: «Işlerimiz gaty oňat barýar» diýdi. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berýär. ABŞ-nyň döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, ýurt paçlardan öň görülmedik pul gazanýar.
Geçen hepdede Tramp ABŞ-nyň daşary ýurtly söwda hyzmatdaşlaryna gatnaşykda «özara» paçlaryň girizilýändigini yglan edipdi. Ol sanawa 185 döwlet girdi. Paçlaryň iň az möçberi 10 göterimi düzýär, emma ýurtlaryň birgideni üçin Birleşen Ştatlaryň ol ýurtlar bilen söwda ýetmezçiligine laýyklykda, özbaşdak paçlar düzüldi.