Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasy tarapyndan ýörite sergi guraldy

12:4410.04.2025
0
16593

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasy tarapyndan ýörite sergi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Çärede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň düýp manysyny, taryhyny we häzirki zaman ähmiýetini görkezýän kitaplar we medeni-taryhy eserler ýygyndysy görkezildi.

Çärä Wenadaky halkara guramalarynyň, BMG-niň we ÝHHG-niň ýanynda akkreditirlenen ilçiler we hemişelik wekiller, diplomatik korpusyň agzalary, halkara guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, häzirki wagtda Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar we ýaşlar gatnaşdylar.

Sergilenen eserleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri hem ýerleşdirildi. Bu eserler Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň filosofiýasy, onuň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we ýurduň halkara dialoga hem-de hyzmatdaşlyga yzygiderli ygrarlydygy barada çuňňur düşünje bermekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Sergi Türkmenistanyň parahatçylyga we ynanyşmaga çagyryşyny görkezip, medeni alyş-çalyş we özara düşünişmek üçin oňyn atmosferanyň döremegine ýardam berdi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň