Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan towuk ýumurtgasynyň importyny wagtlaýyn gadagan etdi

11:1610.04.2025
0
13034
Gyrgyzystan towuk ýumurtgasynyň importyny wagtlaýyn gadagan etdi
Surat: Caravan-info.kg

Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi ýurda daşyndan ýumurtga getirmegi wagtlaýyn çäklendirdi diýip, bu edaranyň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Ministrlikde bu ädimiň ýurduň öz içinde ýumurtganyň öndürilişini artdyrmaga, gyrgyz fabrikleriniň önümlerini has bäsleşige ukyply etmäge hem-de importa garaşlylygy azaltmaga kömek etjekdigini aýdýarlar.

Durmuşa geçirilýän çäreler netijesinde ýerli guşçulyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlylygy ýokarlandy diýip, Oba hojalyk ministrliginde nygtadylar. Netijede, importyň möçberi soňky üç aýda 1,8 mln birlige çenli azaldy, towuk ýumurtgasynyň eksporty 8,8 mln birlige ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň