Uran magdanynyň bar bolan ätiýaçlyk gorlary eger ony gözlemegi we gazyp almagy artdyrmak boýunça gyssagly çäreler görülmese, atom energetikasynyň okgunly ösmegi bilen baglylykda, 2080-nji ýylda gutaryp biler. Bu barada Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş agentliginiň hem-de Atom energetikasy boýunça halkara agentligiň bilelikdäki nutugyna salgylanýan TASS habar berdi.
Ady tutulan agentlikleriň maglumatlaryna laýyklykda, uranyň gorlarynyň möçberi boýunça sanawda Gazagystan öňdeligi eýeleýär, ondan soňra Kanada, Namibiýa, Awstraliýa, Özbegistan we Russiýa gelýär. Nutuga görä, uranyň gözlenip tapylan we gazylyp alnan gorlary 2023-nji ýylyň başynda 8 million tonna ýetdi, emma muňa garamazdan, onuň goşmaça gorlaryny tapmak boýunça uly mümkinçilikler bar.
Uran atom energetikasynda peýdalanylýan radioişjeň himiki elementdir. Uran ýangyjynyň kiçeňräk möçberinden kömrüň 88 tonnasyndan işlenip çykarylýan elektrik energiýasyny almak bolýar.