Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:4709.04.2025
0
23963

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti sapar bilen Monako bardy, Türkmenistanyň we Efiopiýanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistan we Türkiýe bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňelder we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ýakynda Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak ulgamlarynyň we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gymmatlygyna laýyk gelýän ýörelgeleri ösdürmek meselelerine garaldy.

https://turkmenportal.com/blog/89765/turkmenskaya-delegaciya-vo-glave-s-viceprezidentom-blagotvoritelnogo-fonda-posetila-monako

2. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýanyň daşary işler ministri Gedion Timotewosyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy. Döwletara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny giňeltmek boýunça pikir alyşmalaryň barşyna iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli dialogy ýola goýmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi, parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

https://turkmenportal.com/blog/89767/glavy-mid-turkmenistana-i-efiopii-obsudili-rasshirenie-dvustoronnego-sotrudnichestva

3. Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türkiýäniň Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirliginiň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de taryhy-medeni umumylyklara esaslanýandygyny aýratyn nygtadylar. Şunda ýokary we hünär bilimi, akademiki we talyplaryň arasynda alyş-çalyş, şeýle hem ylmy hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

https://turkmenportal.com/blog/89769/turkmenistan-i-turciya-rasshiryat-sotrudnichestvo-v-sfere-obrazovaniya

4. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäklerinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe duşuşyklary geçirdi. UNECE-niň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen UNECE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda durnukly ösüş, söwda, daşky gurşaw, ulag we energetika ugurlaryndaky özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/89764/delegaciya-turkmenistana-provela-ryad-vstrech-na-polyah-71i-sessii-eek-oon

5. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady. Bu iki günlük foruma Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň köp sanly hünärmenleri gatnaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/89773/v-turkmenistane-zavershilsya-xii-turkmenogermanskii-forum-po-zdravoohraneniyu

6. Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy çagaly maşgalalar üçin täze ýörite teklibi işe girizdi. «Türkmenistan» awiakompaniýasy alty sany halkara ugur boýunça çaga biletleri aksiýasyny yglan etdi. Awiakompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň raýatlary Kuala-Lumpura, Hoşimine, Bangkoka, Londona, Frankfurta we Milana uçuşlary meýilleşdirenlerinde ýörite teklipden peýdalanyp bilerler. Bu aksiýa iki aý – 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan 30-njy iýunyna çenli hereket eder.

https://turkmenportal.com/blog/89787/aviakompaniya-turkmenistan-zapuskaet-akciyu-na-detskie-bilety-po-mezhdunarodnym-napravleniyam

Dünýäde

1. Hytaýda dünýädäki iň beýik täze awtoulag köprüsi guruldy. Desganyň beýikligi deňiz derejesinden 625 metre ýetýär we uzynlygy 3 kilometre golaýdyr. Bu köpri Huaszýab kanýonynyň we Beýpan derýasynyň üstünden geçýär. Indi beýleki tarapa geçmek üçin diňe bir minut ýeterlikdir. Parametrleri boýunça ol rekordyň ozalky eýesinden – şol derýanyň akymy boýunça 200 km uzaklykda ýerleşýän Duže köprüsinden hem uludyr. Täze köpriniň açylyş dabarasy şu ýylyň iýun aýynda meýilleşdirilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89780/v-kitae-zaversheno-stroitelstvo-samogo-vysokogo-v-mire-avtomobilnogo-mosta

2. Dominikan Respublikasynyň Santo-Domingo şäherindäki «Jet Set» gijeki klubynyň üçeginiň pajygaly ýykylmagy 79 adamyň ölmegine, 155 adamyň ýaralanmagyna we keselhanalara düşmegine sebäp boldy. Betbagtçylyk duşenbä geçilýän gije Santo-Domingo şäherindäki Garaşsyzlyk şaýolunda ýerleşýän «Jet Set» klubynda boldy. Üçegiň bölekleýin ýykylan wagtynda bu ýerde köp sanly myhman bardy. Halas ediş işleri dowam edýär – gyssagly kömek gulluklary harabalygyň aşagynda diri galanlary tapmak umydy bilen galyndylary arassalaýarlar.

https://turkmenportal.com/blog/89775/chislo-pogibshih-pri-obrushenii-kluba-v-dominikane-dostiglo-79

Sport täzelikleri

1. «Al-Arabi» bilen «Arkadagyň» arasynda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji ýarym final oýnuna Hiroki Kasaharanyň ýolbaşçylygyndaky ýapon eminler topary bellenildi. Baş emine watandaşlary Takumi Takagi we Takeşi Asada kömek eder, ätiýaçlykdaky emin hökmünde Rýo Tanimoto bellennildi. «Al-Arabi» bilen «Arkadagyň» arasyndaky oýun 9-njy aprelde, çarşenbe güni Kuweýtde geçiriler we Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. Myhmanlar ak, ýer eýeleri ýaşyl köýnekçede oýnarlar.

https://turkmenportal.com/blog/89788/match-arkadaga-s-alarabi-rassudit-yaponskaya-brigada-arbitrov

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň