Hiroki Kasaharanyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň eminler topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «Al-Arabi» bilen «Arkadagyň» arasyndaky ilkinji ýarym final duşuşygyna bellenildi.
Baş emine onuň watandaşlary Takumi Takagi we Takeşi Asada kömek ederler, Rýo Tanimoto ätiýaçlyk emini edilip bellenildi.
«Al-Arabi» bilen «Arkadagyň» arasyndaky oýun Kuweýtde 9-njy aprelde çarşenbe güni geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar. Myhmanlar ak formada, öý eýeleri bolsa ýaşyl lybasda oýnarlar.
Belläp geçsek, toparlar AFK-nyň Çagyryş ligasynyň häzirki möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynda eýýäm duşuşypdylar, şonda «Al-Arabi» klubynyň futbolçylary 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanypdylar.