Belarus uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili «Abraýly Watan» hususy kärhanasy Belarus Respublikasynyň iň gowy on ýokary okuw mekdebine 2025-2026-njy okuw ýyly üçin kabul ediş möwsüminiň başlandygyny habar berýär.
«Abraýly Watanyň» hyzmatdaşlarynyň hatarynda ýurduň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Belarus döwlet uniwersiteti hem bar.
Şeýle hem kompaniýa Belarusyň dört sany abraýly lukmançylyk uniwersiteti: Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti we Gomel döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Tehniki bilim almak isleýänler üçin Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetinde hem-de Belarusyň milli tehniki uniwersitetinde bilim maksatnamalary elýeterlidir.
Şeýle-de dalaşgärlere Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti, Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti hem-de Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk milli uniwersiteti ýaly nusgawy uniwersitetlerde hünärleriň giň toplumy hödürlenýär.
«Abraýly Watan» HK-nyň wekilleriniň bellemeklerine görä, Belarusdaky ýokary bilim hiliň we bahanyň iň amatly gatnaşygy bilen tapawutlanýar hem-de halkara standartlaryna laýyk gelýär. Okuwlar rus, iňlis we belarus dillerinde bilim bermegiň döwrebap usullarynyň ulanylmagy arkaly geçilýär
«Abraýly Watan» kompaniýasy girişiň ähli basgançaklarynda dalaşgärlere hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Bu hyzmatlar okuw ugruny saýlamak boýunça hünärmen maslahatlaryny, zerur resminamalary taýýarlamaga we tabşyrmaga kömegi, şeýle hem Belarusyň durmuşyna uýgunlaşmakda goldawy öz içine alýar.
Goşmaça maglumatlary aşakdaky telefonlardan alyp bilersiňiz:
(+993 65) 05 72 75
(+993 64) 05 72 75
(+993 63) 27 72 75
(+993 62) 94 48 22
Elektron poçta: abraylywatan2024@gmail.com. Sosial ulgamdaky sahypasy.