Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we sirk artistleri Daşoguz welaýatynda çykyş etdiler

10:5509.04.2025
0
12428

Şu gün «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we sirk artistleriniň Daşoguz welaýatyndaky çykyşlary tamamlanýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň demirgazyk welaýatyna gelen sungat ussatlarynyň duşuşygy aýdym-sazly dabara, «Görogly» eposynyň esasynda goýlup, sahnalaşdyrylan çykyşy bilen hakyky baýramçylyga öwrüldi.

Çykyşlar Daşoguz welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Sirk ussatlarynyň tomaşaçylara hödürlän maksatnamasy dürli öwüşginli çykyşlara baý boldy.

Maksatnamanyň birinji bölüminde ýerine ýetirilen çykyşlar sirk artistleriniň, şol sanda bulawalar, toplar we halkalar bilen žongrirlän Resul Serdarow, belentlikde ussatlyk bilen deňagramlylygyny saklaýan Arslan Kürräýew ýaly artistleriň sirk sungatyna ýokary derejede eýe bolandyklaryny görkezdi. Bu ýere gelenler şeýle-de tälim berlen haýwanlaryň çykyşlaryna haýran galmak bilen tomaşa etdiler.

Elbetde, maksatnamanyň «iň gyzykly» bölümi «Galkynyş» mili at üstündäki toparynyň artistleriniň çykyşy boldy: ýerli ilat olaryň çykyşyna aýratyn tolgunma we gyzyklanma bilen garaşypdy.

«Galkynyş» mili at üstündäki toparda çykyş edýän çapyksuwarlaryň aýratynlygy — olaryň ýokary tizlikde çapyp barýan bedewleriň üstünde dürli çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirmegi başarýanlygyndadyr.

Ynha, şu gezek hem bedewlere atlanan artistler öz ussatlyklaryny, ýokary başarjaňlygy, hereketleriniň inçeligini görkezip, çylşyrymly tilsimleri batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylary haýran galdyrdylar.

Artistleriň at üstünde akrobatika we gimnastika tilsimlerini ýerine ýetirişleri, olaryň çapyksuwarlyk we dürli görnüşli maşklary, at münmegiň ýokary mekdebiniň aýratyn usullaryny öz içine alýan atly attraksion çykyşlary hemişe tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen garşy alyndy. Garadag we Gadamly diýen atlaryň çykyşlaryny tomaşaçylar has-da gyzyklanma bilen synladylar.

«Biz öz çykyşlarymyzda tomaşaçylary çylşyrymly tilsimler, şol sanda olaryň täzeleri bilen begendirmäge çalyşýarys. Ýakyn meýilnamalarymyz babatda aýdanymda bolsa, täze has çylşyrymly tilsimleri we maşklary özleşdirmek we işläp kämilleşdirmek, olary Toparymyzyň ýaş agzalaryna öwretmek hem-de ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky çykyşlara taýýarlanmakdyr» - diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy S.Pygyýew gürrüň berdi.

Welaýatyň «Dessan» birleşen tans toparynyň artistleri hem çykyşa gatnaşdylar – diýip, neşirde bellenilýär.

Daşoguz welaýatynda bolan çykyşlary bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atly sirki hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri bilen bilelikdäki tutuş ýurt boýunça çykyşlarynyň sapary tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň